Eýranda Gum we Tozan Tupany Durmuş Şertlerini Agyrlaşdyrdy
Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan-Bulujystan welaýatynda gum we tozan tupany sebäpli görüş aralygy azalan bolsa, kabir döwlet edaralarynda iş bes edildi.

Eýranyň resmi habarlar gullugyna (İRNA) beýannama beren Sistan-Bulujystan welaýatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň başlygy Mejid Muhibbiİ “Gum we tozan tupany sebäpli Sistan-Bulujystan welaýatynyň demirgazygynda ýerleşýän Zabul, Zehek, Hamun, Hirmend we Nimruz şäherinde käbir döwlet edaralarynyň işi bes edildi” diýdi.
Sistan-Bulujystan welaýatynyň Meteorologiýa gullugynyň Müdiri Muhsin Haýdari bolsa howadaky tozanyn mukdarynyň artmagy sebäpli görüş aralygynyň Zabulda 800 metre, Zehekde 500 metre çenli aşaklandygyny aýtdy.
Eýranly resmi ýürek we dem alyş ýollary kesellileriniň başda durmagynda halka mejbur bolmadyk halatlarynda öýlerinden daşary çykmazlyklaryny maslahat berdi.
Degişli Habarlar

Nigeriýada harby dikuçar ýere gaçdy
Nigeriýanyň Harby-howa güýçlerine degişli harby dikuçar Riwers welaýatynda ýere gaçdy