Marokkoda Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 2 Müň 862 Adama Ýetdi

Içeri işler ministrligi, 8-nji sentýabrda bolan ýer titremesi hakynda beýannama berdi.

2036174
Marokkoda Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 2 Müň 862 Adama Ýetdi

Marokkoda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 2 müň 862, ýaralananlaryň sany bolsa 2 müň 562 adama ýetdi.

Içeri işler ministrligi, 8-nji sentýabrda bolan ýer titremesi hakynda beýannama berdi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, 7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 2 müň 862, ýaralananlaryň sany bolsa 2 müň 562 adama ýetdi.

Marokkoda 8-nji sentýabr gijesi güýç merkezi Marakeş şäheriniň Al Huz etrapçasynda 7 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy.

Ýer titremesi Marakeş şäheri bilen birlikde birnäçe şähere ýaramaz täsirini ýetirdi.


Etiketkalar: #Marokko , #ýer titremesi

Degişli Habarlar