ABŞ Demirgazyk Koreýa Russiýa bilen bagly çagyryş berdi

ABŞ-nyň hökümedi Demirgazyk Koreýanyň liderine Moskwany ýarag bilen üpjün etmezlik bilen bagly çagyryş berdi

2036388
ABŞ Demirgazyk Koreýa Russiýa bilen bagly çagyryş berdi

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat geňeşçisi Edrienn Uotson Ýonhap habarlar agentligine beýanat berdi. 

Kimiň we Putiniň geçirjek duşuşygynda potansial ýarag ylalaşygynyň gün tertibe gelip biljekdigini aýdan Uotson: "Demirgazyk Koreýa Phenýanyň Russiýa ýarag bilen üpjün etmezlik ýa-da satmazlyk babatynda halk köpçüliginiň öňündäki jogapkärçiliklerini berjaý etmek barada çagyryş berýäris" diýip beýan etdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň sowutly otlusynyň Russiýanyň territoriýasyna girendigi habar berildi.

Rus metbugatynda berilen habarlara görä, Kim Çen Yny daşaýan sowutly otly, şu gün irden Russiýa serhedinden geçip Uzak Gündogar Federal sebitine degişli Primorskiý sebitindäki Khasan otly duralgasyna baryp ýetipdi. 

Otly ondan soň Ussuriýsk şäherinden Habarowsk şäherine tarap ýola çykdy. Kim Çen Ynyň barjak nokady bolsa entek bilinenok. 

Kim Çen Ynyň Gündogar Ykdysady foruma gatnaşmak maksady bilen düýn Primorskiý sebitindäki Wladiwostok şäherine giden Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşyk geçirmegine garaşylýar. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Putiniň we Kimiň Uzak Gündogar Federal sebitinde duşuşyk geçirjekdigini, wekiliýetlere ýolbaşçylyk etjekdiklerini we gerek bolan halatynda ikiçäk duşuşyk geçirip biljekdigini habar beripdi. 

Putiniň Kimiň hormadyna resmi agşam naharyny berjekdigini aýdan Peskow, saparyň gün tertibiniň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň boljakdygyny mälim etdi. 

ABŞ-nyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi, geçen aý beren beýanatynda, Demirgazyk Koreýanyň we Russiýanyň işjeň ýagdaýda ýarag bilen bagly gepleşikler geçirýändigini belläp: "Şol gepleşiklerden soň ýokary derejeli gepleşikler öňümizdäki aý dowam edip biler. Potensial ylalaşyklar bilen Russiýa Demirgazyk Koreýadan Ukrainada ulanmagy meýilleşdirýän uly mukdarda we tapawutly görnüşlerde ok-däri alyp biler" diýip aýan edipdi. 

Geçen hepde bolsa ABŞ-nyň metbugaty Kim Çen Ynyň Wladimir Putin bilen ýarag söwdasyny etmek üçin Russiýa gitjekdigini öňe sürüpdi. 



Degişli Habarlar