Marokkoda Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 2 mün 122 adama ýetdi.

2035485
Marokkoda Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Marokkoda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 2 mün 122 adama ýetdi.

Içeri işler ministrligi, 8-nji sentýabrda ýerli wagt bilen 23.10-da bolan ýer titremesi hakynda maglumat berdi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamasy Marakeşiň al-Huz etrapçasynda bolan 7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 2 müň 122, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 2 mün 421 adama ýetendigi nygtaldy.

 Ýer titremesinin başdan geçirlen sebitinde gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.

Beýlek tarapdan Italiýa bilen Alžir Marokko kömek bermegi teklip etdi.

Marokko bolsa Ispaniýanyň, Britaniýanyň, Kataryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kömek teklibini kabul edendigini mälim etdi.

Içeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamadai ady agzalýan ýurtlaryň “gözleg we halas ediş toparynyň ugradylmagy” baradaky teklipleriniň kabul edilendigi nygtaldy.

Beýannamada, dünýänin çar tarapyndan gelen kömek tekliplerine kanagatlanma bildirildi.


Etiketkalar: #Marokko , #ýer titremesi

Degişli Habarlar