Ukrainanyň täze Goranmak ministri Russiýa garşy ýeňiş gazanmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy

Ukrainanyň täze Goranmak ministri Krym tatar türki Rüstem Umerow Russiýa garşy ýeňiş gazanmagy meýilleşdirýändiklerini aýan etdi

2034480
Ukrainanyň täze Goranmak ministri Russiýa garşy ýeňiş gazanmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy

Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskä özüne bildiren ynamy üçin minnetdardygyny habar berdi. 

Taryhy bir döwürde Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirmegiň özi üçin uly mertebedigini aýdan Umerow: "Ministrligimiziň 5 ileri tutýan ugry: Harby merkezleşdirme, ministrligiň subýektiwligini döretmek, halkara koalisiýany güýçlendirmek we giňeltmek, korrupsiýa nol çydamlylyk we sanlylaşma, Ukrainanyň harby senagatyny ösdürmek. Ýeňişi gazanmak meýilnamamyzdyr. Ýeňişi gazanmak üçin elimizden gelenini etmelidiris" diýip nygtady. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý 3-nji sentýabrda Goranmak ministri wezipesine Krym tatar türki Rüstem Umerowy bellemek barada karar kabul edendigini habar beripdi. 

Umerowyň dalaşgärligi Ukrainanyň parlamenti Rada tarapyndan tassyklanypdy. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar