Alžirdäki sil apatynda 7 adam ýogaldy

Tlemsen welaýatynda 4 adam sil apatlary sebäpli ýogalan bolsa, El-Baýad welaýatynda 3 adam ýogaldy

2032600
Alžirdäki sil apatynda 7 adam ýogaldy

Alžiriň Tlemsen we Al-Baýad welaýatlarynda täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlaryň sil apatlarynyň emele gelmegine sebäp bolmagy netijesinde 7 adam ýogaldy, 2 adam dereksiz ýitdi. 

Tlemsen welaýatynda 4 adam sil apatlary sebäpli ýogalan bolsa, Al-Baýad welaýatynda 3 adam ýogaldy. 

Resmiler 2 adamyň dereksiz ýitmegi sebäpli gözleg we halas ediş işleriniň başladylandygyny habar berdiler. 

Alžiriň Raýat goranyş gullugy Tlemsen welaýatynyň Bab Al-Assa etrabynda sil suwunyň göteren ulagyň içindäki 4 adamyň halas edilendigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Alžir

Degişli Habarlar