Ukraina Russiýa uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady

Ukrainanyň Russiýanyň Pskow sebitindäki howa menziline uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy habar berildi

2030992
Ukraina Russiýa uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady

Pskow sebitiniň gubernatory Mihail Wedernikow sosial media hasabyndan beren beýanatynda, düýn gije Pskow howa menziline uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümleriň guralandygyny, hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görän adam ýitgileriniň çekilmändigini, çekilen zyýanyň kesgitlenmegi üçin derňew işleriň geçirilýändigini habar berdi. 

TASS habarlar agentligi tarapyndan berilen maglumatda bolsa, Pskow howa menziline garşy guralan hüjümlerde 4 sany IL-76 kysymly uçara zyýan ýetendigi, şolaryň ikisiniň dolulygyna ýanandygy mälim edildi. 

Russiýanň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, düýn gije Ukrainanyň Russiýanyň territoriýasynyň çägindäki desgalara uçar görnüşli uçarmansyz howa ulaglary bilen guramak islän hüjümleriniň öňüniň alynandygy aýan edildi. 

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Moskwa garşy uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä adam ýitgisiniň we zyýanyň çekilmändigini habar berdi. 

Kiýew şäheriniň harby dolanşygynyň başlygy Sergeý Popko hem beren beýanatynda Russiýanyň düýn gije Kiýewe howa hüjümlerini gurandygyny belläp: "Kiýew ýaz paslyndan bäri bular ýaly ululykda hüjümlere sezewar galmandy. Duşman uçarmansyz howa ulaglary we raketalar bilen hüjümler gurady" diýip belledi. 

Birnäçe uçarmansyz howa ulagynyň Kiýewiň tapawutly ýerlerine uçurylandygyny aýdan Popko: "Howa goranyş ulgamlarymyzyň we enjamlarymyzyň saýasynda duşmana degişli 20-den gowrak nyşana ýok edildi" diýip nygtady. 

Popko uçarmansyz howa ulaglarynyň we raketalaryň bölekleriniň şäheriň birnäçe ýerine gaçmagy ntijesinde 2 adamyň ýogalandygyny we 1 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar