Gabon döwletinde harbylaryň ýurduň dolanşygyny ele geçirendigi öňe sürüldi

Nigerden soň bu gezek Orta Afrika döwleti bolan Gabon döwletinde harby agdarlyşyk synanyşygynyň başdan geçirilendigi habar berildi

2030792
Gabon döwletinde harbylaryň ýurduň dolanşygyny ele geçirendigi öňe sürüldi

Geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň beýan edilmeginden soň milli telewideniýe binasyna giren harby topar ýurduň dolanşygyny ele geçirendiklerini habar berdiler.

Huntaçylar saýlawlaryň ýatyrylandygyny, ähli serhetleriň nobatdaky bildirişe çenli ýapylandygyny, Respublikanyň ähli guramadyr-edaralarynyň ýatyrylandygyny yglan etdiler. 

Huntaçylar: "Şu gün 2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Guramalaryň Geçiş we dikeldiş komiteti goranyş we howpsuzlyk güýçleri hökmünde, Gabon halkynyň adyndan we guramadyr-edaralarynyň goralmagynyň kepillendirijisi hökmünde, parahatçylygy goramaga karara geldik. Bar bolan häkimiýeti ýatyrdyk" diýip habar berdi.

Gabonyň Saýlaw merkeziniň ýurduň ozalky Prezidenti Ali Bongonyň sesleriň 64,27 göterimini alyp, ýaňadandan Prezident wezipesine saýlanandygyny yglan etmeginden gysga wagt soň berilen bu beýanatyň edil yz ýanyndan, ýurduň paýtagty Librewil şäherinde ýaragyň sesleriň eşidilmäge başlanandygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #huntaçy , #Gabon

Degişli Habarlar