Russiýa: "Kiýewiň uçarmansyz howa ulaglary bilen guramak islän hüjümleriň öňi alyndy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň uçar görnüşli uçarmansyz howa ulaglary bilen Moskwa sebitine guramak islän hüjüminiň öňüniň alynandygyny habar berdi

2027182
Russiýa: "Kiýewiň uçarmansyz howa ulaglary bilen guramak islän hüjümleriň öňi alyndy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "21-nji awgustda Moskwa sagady bilen 06:50-den Kiýewiň uçar görnüşli uçarmansyz howa ulagy bilen guramak islän terrorçylykly hüjümiň öňi alyndy" diýip mälim etdi. 

Beýanatda Ukraina degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň howa goranyş güýçleri tarapyndan Moskwa sebitiniň howa giňişliginde anyklanandygy aýan edildi. 

Elektron harby enjamlar ulanylyp täsirsiz ýagdaýa getirilen uçarmansyz howa ulagynyň Moskwa sebitindäki Pokrowskoýe ýaşaýyş ýeriniň golaýyna gaçandygy bellenen beýanatda wakada adam ýitgisiniň çekilmändigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar