Ysraýylyň Tussaghanalaryndaky Palestinaly Tussaglylar Açlyk Yglan Etdi

Müňe golaý palestinaly tussagly açlyk yglan etdi.

2026248
Ysraýylyň Tussaghanalaryndaky Palestinaly Tussaglylar Açlyk Yglan Etdi

Ysraýylyň tussaghanalaryndaky müňe golaý palestinaly tussagly açlyk yglan etdi.

Palestinaly Ýesirler jemgyýetiniň müdüri Ahmed Al Kudra mesele hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Ysraýylyň tussaghanalaryndaky müňe golaý tussaglygynyň “tussaghananyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan tutumyna garşy” ýerli wagt bilen 19.00-dan başlap açlyk yglan edendiklerini aýdan Kudra, ähli palestinalylaryň tussaglylara golaw bermek üçin köçelere çykmalydygyny ýatlatdy.

Kudra, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada ýaşaýan palestinalylardan, tussaghanalardaky tussaglylara edilýän zuluma garşy şu gün protest ýörişiniň geçirilmegini isledi.

Palestinaly Ýesirler jemgyýetine görä, Ysraýylyň tussaghanalarynda 5 müň tussagly bar.

 


Etiketkalar: #tussagly , #Palestina , #Ysraýyl

Degişli Habarlar