Gruziýanyň Premýer-ministri Ysraýyla Bardy

Garibaşwili resmi saparynyň çäginde Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen duşuşdy.

2026358
Gruziýanyň Premýer-ministri Ysraýyla Bardy

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili resmi sapar bilen Ysraýyla bardy.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili resmi saparynyň çäginde Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda, Gruziýa bilen Ysraýylyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň, ykdysadyýetiň başda durmagynda birnäçe ugurda edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi hakynda pikir alyşdy.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili, Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu bilen bolan duşuşygy hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, “Geljek ýyl erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin gepleşiklere başlaýarys we bu etapda iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, goranyş, we howpsuzlyk meselesinde edilýän hyzmatdaşlyk güýçlenmäge dowam eder. Ysraýylyň, Gruziýanyň özygtyýarlygyna we bitewiligine berýän goldawyna kanagatlanma bildirýärin” diýdi.


Etiketkalar: #Garipçe , #Ysraýyl , #Gruziýa

Degişli Habarlar