Germaniýada metjide hüjüm guraldy

Germaniýanyň Aşaky Saksoniýa ştatyndaky Gannower şäherindäki metjitleriň biriniň diwaryna ekstremist terror guramasy PKK-nyň tarapdarlary tarapyndan ýazgylar ýazyldy

2025683
Germaniýada metjide hüjüm guraldy

Din işler guramasynyň Türk-Yslam bileleşiginden berilen beýanatda, bileleşige degişli Gannower merkezi metjidine düýn ýerli wagt bilen sagat 04:40-da şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlar tarapyndan pürküji boýag bilen ýazylan ýazgynyň, erte namazyna baran adamlar tarapyndan görülip, metjidiň ýolbaşçylygyna habar berilendigi mälim edildi. 

Beýanatda Din işler guramasynyň Türk-Yslam bileleşiginiň Gannower merkezi metjidiniň jemgyýetiniň başlygy Mehmet Zengin metjitlere garşy ozal hem şuňa meňzeş hüjümleriň guralandygyny habar berdi. 

Ýazgyny pozandyklaryny aýdan Mehmet Zengin, waka bilen bagly materiallary polisiýa gullugyna berendiklerini beýan etdi. 


Etiketkalar: #metjit , #Germaniýa

Degişli Habarlar