ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndaky partlamada ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndaky öýleriň birinde geçen hepdäniň ýekşenbe güni bolan partlamada ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi

2025949
ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndaky partlamada ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi

Plum sebitindäki partlamanyň näme sebäpli bolandygyny derňeýän resmiler, wakada ýogalan 56 ýaşyndaky Paul Orawitze we 51 ýaşyndaky aýaly Heather Orawitze degişli öýdäki suw ätiýaçlyk çeleginde näsazlygyň bolandygyny habar berdiler. 

Bedeninde ýanyklar emele gelen Paul Orawitziň partlamadan 4 gün soň hassahanada ýogalmagy bilen, ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi. 

Partlama sebäpli 3 öý ýumrulypdy, 5 adamyň ýogalandygy mälim edilipdi. 


Etiketkalar: #partlama , #Pensilwaniýa , #ABŞ

Degişli Habarlar