ABŞ, Ukraina 200 Million Dollarlyk Harby Kömek Berer

ABŞ, 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ukraina 43 milliard dollardan gowrak harby kömek berdi.

2024574
ABŞ, Ukraina 200 Million Dollarlyk Harby Kömek Berer

ABŞ, öz inwentaryndan Ukraina 200 million dollarlyk harby kömek berer.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, beren ýazmaça beýannamasynda, Ukraina 200 million dollarlyk harby kömegiň beriljekdigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon hem harby kömegiň, Patriot howa goranyş ulgamlaryny, topçu we tank enjamlary bilen ululy-kiçili ýaraglary öz içine alýandygyny mälim etdi.

ABŞ, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan güni bolan 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ukraina 43 milliard dollardan gowrak harby kömek berdi.

 


Etiketkalar: #harby kömek , #Ukraina , #ABŞ

Degişli Habarlar