Hytaýyň Goranmak ministri Russiýa we Belarussiýa sapar gurar

Hytaýyň Goranmak ministri Li Şanfu Russiýa we Belarussiýa sapar gurar

2024246
Hytaýyň Goranmak ministri Russiýa we Belarussiýa sapar gurar

Hytaýyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Li Russiýada 15-nji awgustda geçiriljek 11-nji Moskwa halkara Howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş eder. 

Li Moskwa gurajak saparynda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina uruşy sebäpli Günbatar bilen dartgynlygyň dowam edýän döwründe rus goranyş resmileri bilen duşuşyklar geçirer. 

Hytaýyň Goranmak ministri Liniň Belarussiýada hem ýurduň Döwlet baştutany Aleksandr Lukaşenko we goranyş resmileri bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar. 

Mart aýynda wezipä başlan Li aprel aýynda Moskwa sapar gurapdy we ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen duşuşyk geçiripdi. 

Li mundan başgada Russiýanyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi admiral Nikolaý Ýewmenow bilen iýul aýynda Hytaýa guran saparynda Pekinde duşuşyk geçiripdi. 



Degişli Habarlar