Gresiýada soňky 7 uly tokaý ýangynynda 470 müň akr ýer ýandy

Gresiýada 15-31-nji iýul aralygynda başdan geçirilen 7 aýry uly tokaý ýangynynda jemi 470 müň akr ýer ýandy

2019007
Gresiýada soňky 7 uly tokaý ýangynynda 470 müň akr ýer ýandy

Gresiýanyň Meteorologiýa edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, iýul aýynda hasaba alynan aşa yssy howadan daşary, atmosferadaky çyglylyk derejesiniň pes bolmagy hem tokaý ýangynlarynyň artmagyna sebäp boldy. 

Ýurtda 15-31-nji iýul aralygynda Kerkira adasynda, Egioda, Derwenoksoriýada, Kuwarada, Karistosda, Nea Agialosda we Rodos adasynda başdan geçirilen 7 aýry uly tokaý ýangynynda jemi 470 müň akr ýer kül boldy. 

Gresiýada şu ýylyň başyndan bäri bolan tokaý ýangynlarynda bolsa jemi 550 müň akr ýer ýandy. 

Ýurtda ýyllyk ortaça 435 müň akr tokaý zolagynyň ýanýandygy habar berildi. 

 


Etiketkalar: #ýangyn , #tokaý , #Gresiýa

Degişli Habarlar