Russiýa Ukrainanyň şäherlerine hüjüm gurady

Russiýanyň goşuny şu gün irden Ukrainanyň Kriwoý Rog we Herson şäherlerinde ýaşaýyş binalaryna we uniwersitetleriň birine hüjüm gurandygy, ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi

2018270
Russiýa Ukrainanyň şäherlerine hüjüm gurady

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň şu gün irden Ukrainanyň şäherlerine hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Ukrainanyň sebitleriniň parahatçylykly şäherlerini we adamlaryny terrorizirlemäge dowam edýän Russiýanyň hüjümi astyndadygyny aýdan Wladimir Zelenskiý: "Duşenbe güni irden Kriwoý Rog we Herson şäherlerinde ýaşaýyş binalar we bir uniwersitet nyşana alynyp hüjüm guraldy. Gynansagam ýogalan we ýaralanan adamlar bar. Harabalyklaryň aşagynda adamlar bolup biler" diýip habar berdi. 

Zelenskiý ähli degişli edaralaryň wakanyň bolan ýerinde iş alyp barýandygyny ünsleri çekip, mümkin boldugy saýyn has köp adamy halas etmek üçin tagalla edýändiklerini beýan etdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň TASS habarlar agentligi tarapyndan berilen habara görä, Ukrainanyň goşuny HIMARS raketa ulgamy bilen Donetsk şäheriniň merkezine raketalar bilen hüjüm gurady. 

Hüjümde 1 adamyň ýogalandygy, 2 awtoulag bilen 1 awtobusyň ýanandygy aýan edildi. 

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy. 

Putin Kiýewiň NATO agza bolmagynyň öňüni almak we ony Russiýanyň täsiri astynda saklamak üçin ýurduň ýaragsyzlandyrylmagyny we nasistlerden arassalanmagyny maksat edinendigini habar beripdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar