Russiýa: "Uçarmansyz howa ulaglary bilen guralmak islenen hüjümleriň öňi alyndy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Moskwa sebitine uçarmansyz howa ulaglary bilen guramak islän hüjümleriň öňüniň alynandygyny habar berdi

2017773
Russiýa: "Uçarmansyz howa ulaglary bilen guralmak islenen hüjümleriň öňi alyndy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Şu gün irden Kiýewiň Moskwa sebitindäki desgalara uçarmansyz howa ulaglary bilen guramak islän terrorçylykly aksiýalarynyň öňi alyndy" diýip belledi. 

Uçarmansyz howa ulaglarynyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan ýok edilendigi bellenen beýanatda, öňi alynan hüjümleriň netijesinde hiç hili adam pidalarynyň bolmandygy habar berildi. 

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin bolsa sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjümleriniň öňüniň alynandygyny, emma ýere gaçan dronlaryň Moskwadaky käbir binalara degip, zyýanyň çekilmegine sebäp bolandygyny, ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygyny belledi. 

Sosial mediada paýlaşylan käbir materiallarda uçarmansyz howa ulaglarynyň biriniň Moskwa sebitindäki beýik binalaryň ýerleşýän Moskwa-Siti diýilýän ýere gaçmagy netijesinde partlamanyň bolandygyny görüp bolýar. 

Ukrainanyň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine 24-nji we 28-nji iýul günleri hem uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler gurandygy, şol hüjümlerde hem ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygy habar berilipdi. 

Beýleki tarapdan Ukraina tarapyndan Krym ýarymadasyndaky nyşanalara garşy 25 uçarmansyz howa ulagy bilen guralmak islenen hüjümleriň öňüniň alynandygy mälim edilipdi. 

Ministrlik 17-nji iýulda hem Ukrainanyň Kryma 17 uçarmansyz howa ulagy bilen guramak islän hüjümleriň öňüniň alynandygyny aýan edipdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar