Saud Arabystanynda harby uçar ýere gaçdy

Saud Arabystanynda tälim uçuşyny amala aşyrýan harby uçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň 2 uçarmany ýogaldy

2016812
Saud Arabystanynda harby uçar ýere gaçdy

Saud Arabystanynyň resmi habarlar agentligi SPA ýurduň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Turki al-Malikiniň mesele bilen bagly beýanatyny çap etdi. 

Harby-howa güýçlerine degişli 1 sany F-15 harby uçaryň ýurduň günorta-günbataryndaky Hamis Muşaýt şäherinde ýerleşýän Şa Halid howa bazasyndaky tälim uçuş zolagynda ýere gaçandygyny aýdan Maliki, wakada uçaryň 2 uçarmanynyň ýogalandygyny habar berdi. 

Maliki mundan başgada wakanyň derňelmegi üçin derňew toparynyň döredilendigi barada maglumat berdi. 


Etiketkalar: #uçar , #Saud Arabystany

Degişli Habarlar