ABŞ Erdogan-Putin duşuşygyna umyt baglaýar

ABŞ Gara deňiz Galla ylalaşygynyň dowam etdirilmegi meselesinde Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçirmegi göz öňünde tutulýan duşuşygyndan oňyn netije alynmagyna umyt baglaýandygyny habar berdi

2015582
ABŞ Erdogan-Putin duşuşygyna umyt baglaýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Metýu Miller, gündelik metbugat ýygnagynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Metýu Miller Erdoganyň Putin bilen Galla ylalaşygy bilen baglanşykly garaýyşyna salgylanyp, garaşylýan duşuşygyň üstünlikli geçjekdigine ynanýandyklaryny beýan etdi. 

Miller: "Bilişiňiz ýaly Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan anna güni Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putini Gara deňiz galla başlangyjyna ýaňadandan goşulmagyny höweslendirmek üçin has köp duşuşyk geçirmek isleýändigini aýtdy" diýip habar berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Metýu Miller Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçirmegi göz öňünde tutulýan duşuşygyndan oňyn netije alynmagyna umyt baglaýandyklaryny mälim etdi. 



Degişli Habarlar