Moskwa Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Guraldy

“Resmi Kiýewiň guran terrorçylykly hüjüminde adam pidasy çekilmedi”

2015144
Moskwa Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Guraldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa, Ukrainanyň iki uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygy, hüjümde adam pidasynyň çekilmändigi nygtaldy.

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin, ýerli wagt bilen 04.00-da Moskwa iki uçarmansyz howa ulagy bilen hüjümiň guralandygyny habar berdi.

Uçarmansyz howa ulaglarynyň iki boş bina kakandygyny ýatladan Sobýanin, hüjümler sebäpli ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygyny belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada hem Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Resmi Kiýewiň guran terrorçylykly hüjüminde adam pidasy çekilmedi” diýildi.

 



Degişli Habarlar