Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Şwesiýada Gurhana Guralan Hüjümi Ýazgardy

Şwesiýaly ýolbaşçylara “Şuňa meňzel meçew beriji hüjümleriň gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleriň görülmegi barada” çagyryş berildi.

2014283
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Şwesiýada Gurhana Guralan Hüjümi Ýazgardy

Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Yragyň Stokgolmdaky ilçihanasynyň öňünde Gurhanyň basgylanmagyna garşylyk görkezdi.

YHG-nyň Baş sekretary Ibrahim Taha tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, ady agzalýan meçew beriji hüjüm ýazgaryldy we bu kemsidiji hüjümiň sebäp bolup biljek agyr netijelerine garamazdan Şwesiýanyň ýolbaşçylarynyň degişli çäreleri görmezliginiň özlerini biynjalyk edendigi nygtaldy.

Beýannamada, Şwesiýaly ýolbaşçylara “Şuňa meňzel meçew beriji hüjümleriň gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleriň görülmegi barada” çagyryş berildi.

Şwesiýada ozal hem Gurhany ýakan asly yrakly Salman Momika düýn Yragyň Şwesiýadaky ilçihanasynyň öňünde Gurhany we Yragyň baýdagyny basgylamak bilen yslam dinini kemsidipdi.

Momika, 28-nji iýunda Gurban baýramynyň birinji gününde Stokgolm metjidiň öňünde howpsuzlyk güýçleriniň gözüniň öňünde Gurhany ýakypdy.



Degişli Habarlar