BMG, Demirgazyk Koreýanyň Raketa Synagyny Ýazgardy

“Baş sekretar Antoniu Guterreş, Demirgazyk Koreýanyň geçiren balistiki raketa synagyny berk ýazgardy”

2010855
BMG, Demirgazyk Koreýanyň Raketa Synagyny Ýazgardy

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Demirgazyk Koreýanyň geçiren balistiki raketa synagyny berk ýazgardy.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Dužarriç, Demirgazyk Koreýanyň geçiren balistiki raketa synagy barada ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada, Baş sekretar Gutereşiň, Demirgazyk Koreýa halkara jogapkärçiliklerine we BMG-nyň degişli kararyna laýyklykda hereket etmegi üçin çagyryş berendigi nygtaldy.

Beýannamada, Guterreşiň, Koreýa Ýarymadasynda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berendigi bellenildi.

Beýannamada, “Baş sekretar Antoniu Guterreş, Demirgazyk Koreýanyň geçiren balistiki raketa synagyny berk ýazgardy”diýildi.

Günorta Koreýanyň Baş ştaby, Demirgazyk Koreýanyň düýn uzak aralykly balistiki raketa synagyny geçirendigini habar beripdi.

 



Degişli Habarlar