Baýden Türkiýä F-16 Harby Uçarlaryny Satma Mümkinçilikleriniň Bardgyna Ynam Bildirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Türkiýä F-16 harby uçarlarynyň satyp biljekdiklerine ynanýandygyny beýan etdi.

2010602
Baýden Türkiýä F-16 Harby Uçarlaryny Satma Mümkinçilikleriniň Bardgyna Ynam Bildirdi

Baýden NATO-nuň Litwadaky sammitinden soň Finlýandiýa gidişin žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Türkiýä F-16 uçarlarynyň satuwyna garşy durýan Nýu-Jerseý ştatynyň senatory Bob Menendeziň pikirinden el çekip-çekmejekdigi hakyndaky soraga jogap beren Baýden; “Türkiýäniň Şwesiýanyň NATO agzalygyny goldamaga dowam etjekdigine we F-16 uçarlaryny satyp biljekdigimize ynanýaryn” diýdi.

Baýden NATO-nuň sammitiniň çäginde düýn Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen geçiren özarta duşuşygynyň netijeli geçendigini beýan etdi.

Ukrainanyň NATO agzalygy meselesinde-de durup geçen Baýden; “Uruş gutarýança däl. Zelenskiýniň düşünen zady bar. Ol hem ýaranlar tarapyndan kabul edilen kepilliklere eýe bolan möhletinde häziki wagtda NATO-da bolup bolmazlygy möhüm däl” diýdi.



Degişli Habarlar