Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 8 adam ýogaldy

Beýanatda wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi, harabalyklaryň aşagynda galan adamlaryň bolup biljekdigi aýan edildi

2004997
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 8 adam ýogaldy

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi Russiýanyň Kramatorsk şäherindäki naharhana desgasyna garşy guran raketaly hüjüminde 8 adamyň ýogalandygyny, 56 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi. 

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, düýn Donetsk sebitiniň Kramatorsk şäherine raketaly hüjümiň guralandygy mälim edildi. 

Raketalaryň biriniň Kramatorsk şäheriniň merkezindäki naharhana desgasyna degendigi bellenen beýanatda: "Irden ýerli wagt bilen sagat 07:00-ä çenli 3-si çaga jemi 8 adam ýogaldy, 56 adam ýaralandy" diýip habar berildi. 

Beýanatda wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi, harabalyklaryň aşagynda galan adamlaryň bolup biljekdigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar