ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň tapawutly ştatlarynda guralan ýaragly hüjümlerde 4 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy

2001243
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Waşington ştatynyň Grant sebitiniň Polisiýa gullugynyň habar bermegine görä, şenbe güni agşam geçirilen festiwalyň çäginde Gorge amfiteatryň golaýyndaky düşelgede guralan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

Resmiler hüjümçiniň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi. 

Missuri ştatynyň Sant-Luis şäherinde gije guralan başga bir hüjümde bolsa 1 adamyň ýogalandygy, 9 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi. 

Illinoýs ştatynda bolsa DuPage sebitiniň Polisiýa gullugy, şenbe güni gije ýurtda gulçulygyň bes edilmek güni hökmünde bilinýän "19-njy iýun" (Juneteenth) çäresiniň çäginde ot açylmagy netijesinde 1 adamyň ýogalandygyny, azyndan 20 adamyň hem ýaralanandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #ýaragly hüjüm , #ABŞ

Degişli Habarlar