F-16-lar hem Leopardlar Ýaly Ýanar

Russiýanyň Prezident Wladimir Putin günbatar ýurtlarynyň Ukraina F-16 kysymly harby uçar berme ähtimallygyna reaksiýa bildirdi.

2000906
F-16-lar hem Leopardlar Ýaly Ýanar

Putin: “Ukrainada “Leopard” tanklary ýanýar, F-16-lar hem “Leopardlar” ýaly ýanar. Oňa şübhe ýok” diýdi.

Putin Alžiriň Prezidenti Abdulmajid Tabbun bilen Peterburg Halkara ykdysadyýet forumynyň esasy maslahatynda “The National İnterest” žurnalynyň işgäri Dmitriý Simesin soraglaryna jogap berdi.

Ukrainanyň garşy hüjüme başlandan soň 186 tankyny ýitirendigini beýan eden Putin; “Ukrain goşunlary hüjüme başlandan soň käbir sebitlerde goranyşymyzyň birinji liniýasyna çenli geldiler, käbir ýerlerde onuň hötdesinden gelip bilmediler. Bu ýerde esasy mesele strategik ätiýaçlaryndan peýdalanmaklary. Emma ýekeje ýerde-de maskatlaryna ýetip bilmediler” diýdi.

Wladimir Putin Ukrainanyň golaýda öz harby enjamlaryndan peýdalanmajakdygyny nygtap; “Hiç hili enjamlary galmaz we ulanýan ähli zatlary daşary ýurtlardan geler. Bu şertlerde uzak möhletli söweşip bilmersiňiz” diýdi.

Putin NATO-nuň ýarag bermek arkaly Ukrainadaky söweşe goşulma gerimini barha giňeldendigini beýan edip; “NATO elbetde Ukrainadaky urşa goşulyşýar. Harby enjamlar gelýär, indi uçar bermek hakynda gepleşikler barýar. Ukrainada “Leopard” tanklary ýanýar, F-16-lar hem “Leopardlar” ýaly ýanar. Oňa şübhe ýok” diýdi.

Ukraina üçin F-16 uçarlary başga ýurtlarda ornaşdyrylan halatynda oňa hem degişli jogaby berjekdiklerini beýan eden Putin; “Kiýew üçin Ukrainanyň daşyndaky harby howa bazalaryna ornaşdyrylyp, söweş operasiýalarynda peýdalanyljak bolsa, olary nähili we nirede urup düşürjekdigimizi görersiňiz” diýdi.

 



Degişli Habarlar