ABŞ-nyň Iň Uly Deňizasty Gämisi Günorta Koreýa Bardy

ABŞ, soňky gezek 2017-nji ýylda USS Miçigany Busan portuna ugradypdy.

2000601
ABŞ-nyň Iň Uly Deňizasty Gämisi Günorta Koreýa Bardy

 

ABŞ, Günorta Koreýa dünýäniň iň uly deňizasty gämilerinden birini ugratdy.

ABŞ-nyň balistiki raketa deňizasty gämisi USS Miçigan, Demirgazyk Koreýanyň balistiki raketa synagyny geçirmeginden 1 gün soň Günorta Koreýanyň Busan portuna bardy.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, USS Miçigan gämisinin, Günorta Koreýa bilen ABŞ-nyň deňiz flodynyň Demirgazyk Koreýanyň ýadro howpuna garşy geçirjek ýörite harby türgenleşigine gatnaşjakdygy nygtaldy.

Günorta Koreýanyň günorta gündogarynda ýerleşýän Busan portuna baran USS Miçiganyň näçe wagt portda galjakdygy hakynda maglumat berilmedi.

ABŞ, soňky gezek 2017-nji ýylda USS Miçigany Busan portuna ugradypdy.

 



Degişli Habarlar