Stoltenberg Şwesiýanyň we Ukrainanyň NATO agzalyklary bilen bagly tapgyr barada beýannama berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Şwesiýanyň NATO agzalygynyň 11-12-nji iýul aralygynda geçiriljek NATO sammitine çenli mümkindigini, emma güwä geçip bilmejekdigini habar berdi

2000184
Stoltenberg Şwesiýanyň we Ukrainanyň NATO agzalyklary bilen bagly tapgyr barada beýannama berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO ştabynda NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyndan ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Şwesiýanyň NATO agzalygynyň Wilnýusda geçiriljek sammite çenli ýetişip-ýetişmejekdigi bilen bagly soraga Stoltenberg, düýn paýtagt Ankara şäherinde Türkiyäniň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arasyndaky Hemişelik umumy mehanizm maslahatynyň geçirilendigini, onuň konstruktiw gurşawda geçendigini habar berdi. 

Ýens Stoltenberg geçen ýyl Madritde geçirilen sammitde gazanylan Üçtaraplaýyn mehanizmiň çäginde Şwesiýanyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirendigini mälim etdi. 

"Türkiyäniň kanuny howpsuzlyk aladalary bar. Hiç bir ýaran Türkiye ýaly terrordan zyýan çekmedi" diýip aýdan Stoltenberg, Şwesiýanyň agzalygy babatynda bolsa: "Şwesiýanyň agzalygy Wilnýusde geçiriljek sammite çenli mümkin, emma oňa güwä geçip bilmerin. Şwesiýanyň agzalygynyň iň gysga wagtda mümkin bolmagy üçin iş alyp barýarys. Şol sebäpli Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen geçiren gepleşiklerden we bu hepde geçirilen hemişelik mehanizmiň geçirilmeginden hoşaldyryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar