“24 Müňden Gowrak Owagny ABŞ-na we Başga Ýurtlara Ýerleşdirdik”

Blinken “2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri 24 müňden gowrak owgany ABŞ bilen birlikde beýlek ýurtlara ýerleşdirdik” diýdi.

1999204
“24 Müňden Gowrak Owagny ABŞ-na we Başga Ýurtlara Ýerleşdirdik”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken “2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri 24 müňden gowrak owgany ABŞ bilen birlikde beýlek ýurtlara ýerleşdirdik” diýdi.

Blinken 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Owganystandan çekilmeginden soň başdan geçirlen wakalar hakynda maglumat berdi.

Blinken, Amerikanyň Owganystanda iş alyp baran döwründe özleri bilen hyzmatdaşlyk eden owganlaryň howpsuz ýagdaýda ýerleşdirilmegi meselesinde ABŞ-nyň Prezident Jo Baýdeniň beren wadasynda durandygyny aýtdy.

“Döwletimiziň, ýerli hyzmatdaşlarymyzyň we raýatlarymyzyň goldaw bermeginde 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri 24 müňden gowrak owgany ABŞ-na we beýleki ýurtlara ýerleşdirdik” diýen Blinken, has köp owganyň ýurda getirilmegi baradaky tagallara goldaw berjekdiklerini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar