Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Nigeriýanyň Borno welaýatynda terror guramasy Boko Harama garşy geçirilen howa operasiýasynda guramanyň 100-den gowrak agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1998817
Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Milli metbugatda berilen habarlara görä, Borno welaýatyndaky Mandara dagynda Boko Harama agza terrorçylar tarapyndan maslahat geçirilýän mahaly howa operasiýasy geçirildi. 

Operasiýada guramanyň 100-den gowrak agzasy öldürildi, köp sanda terrorçy ýaralandy. 

Nogeriýada 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri barlygyny dowam etdirýän terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy. 

2015-nji ýyldan bäri goňşy ýurtlar bolan Kamerun, Çad we Niger ýaly döwletlerde hem hüjümler guraýan terror guramasynyň Çad kölüniň töweregindäki hüjümlerinde azyndan 2 müň adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar