Ukrainanyň goşuny Donetsk sebitinde obalaryň birini ruslardan azat edendigi bellendi

Ukrainanyň goşunynyň Donetsk sebitinde Russiýanyň gözegçiligi astyndaky Blagodatnoýe obasyny azat edendigi habar berildi

1998167
Ukrainanyň goşuny Donetsk sebitinde obalaryň birini ruslardan azat edendigi bellendi

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Alekseý Dowbuş adyndaky 68-nji awçy birikmäniň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, ady agzalan birikmäniň Donetsk sebitinde geçirýän operasiýasynda üstnülikler gazanandygy beýan edildi. 

Beýanatda: "Birikmäniň esgerleri Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň goňşy birikmeleri bilen eden hyzmatdaşlygynda Blagodatnoýe obasyny azat etdi" diýip habar berildi. 

Blagodatnoýe obasynda rus güýçleri bilen berk çaknyşyklaryň bolandygy bellenen beýanatda, rus esgerleriň käbirleriniň ýesir alynandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #Donetsk , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar