Eýran, Saud Arabystanyna Ilçi Belledi

Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Ryza Inaýeti, Eýranyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellendi.

1989834
Eýran, Saud Arabystanyna Ilçi Belledi

Eýranyň “Mizan” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan başlamagyndan ilçi belledi.

Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Ryza Inaýeti, Eýranyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellendi.

Ali Ryza Inaýeti ozal Eýranyň Kuweýtdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetiripdi.

Saud Arabystany bilen Tähranyň arasynda 7 ýyl soň 10-njy martda Hytaýyň paýtagty Pekinde hytaýly ýolbaşçylaryň töwellaçylyk etmeginde geçirlen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda iki aýyň dowamynda diplomatik gatnaşyklaryň başladylmagy meselesine ylalaşyk gazanylypdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Abdullahiýan bilen Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan hem 6-njy aprelde Pekinde duşuşypdy.



Degişli Habarlar