Erdogan-Mikotakis Duşuşygy Grek Metbugatynda Giň Seslenme Döretdi

Prezident R.T.Erdoganyn düýn paýtagt Ankarada Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakis bilen geçiren duşuşygy grek metbugatynda giň seslenme döretdi.

2139396
Erdogan-Mikotakis Duşuşygy Grek Metbugatynda Giň Seslenme Döretdi

Grek teleýaýlymlary Mikotakisiň Ankara sapary bilen bagly habarlara giňden orun berd.

Döwlet teleýaýlymy ERT liderleriň metbugat ýygnagyndan soň bilermenler bilen sapar hakynda syn berdi.

Habarda “İňňän netijeli we oňyn sapar” diýildi we türk-grek gatnaşyklarynda täze sahypanyn açylandygy beýan edildi.

ERT-nin habarynda “İki lider hem Egeý deňizinde asuda şertleriň dowam etmegini isleýändiklerini görkezdi” diýilýär.

“Ta Nea” gazeti “Egeýde durnukly asudaly ylalaşygy” söz başysyny ulandy. Ankaradaky duşuşyklardan soň berilen agşam naharyndaky oňyn atmosfera ünsleri çekdi.

“To Wima” gazeti duşuşygyň käbir garaýyş tapawutlyklaryna garamazdan oňyn atmosferada geçendigini nygtady.

“Katimerini” gazeti liderlerin iki ýurduň hyzmatdaşlygyny we gatnaşyklaryny artdyrmalydygy hakyndaky sözlerine ünsleri çekdi.

“Proto Tema” gazeti bolsa Türk-Grek Işewürler Geňeşiniň döredilmegi we liderleriň ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşygynyň iki esse ýokarlandyrylmagy bilen bagly maksadyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirdi.



Degişli Habarlar