Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 35 müň 173 adama ýetdi
Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 82 adam artyp 35 müň 173 adama ýetdi.
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 221 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde 8 gyrgynçylyk edendigi, şol hüjümlerde ýenede 82 palestinalynyň ýogalandygy, 234 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Beýannamada, Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 35 müň 173, ýaralananlaryň sanynyň hem 79 müň 61 adama ýetendigi ýatladyldy.
Degişli Habarlar
Ysraýylyň Goşun 20 Palestinalyny Saklady
Ysraýylyň goşuny Günbatar Şeriada soňky 24 sagatda azyndan 20 palestinalyny saklady.