Mişel, Aliýew we Paşinýan Bilen Duşuşar
Aliýew bilen Paşinýan, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarlez Mişel bilen 14-nji maýda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşar.
![Mişel, Aliýew we Paşinýan Bilen Duşuşar](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/225d/8905/25f6/628b2a9599fcb.jpg?time=1737433433)
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarlez Mişel bilen 14-nji maýda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşar.
ÝB Geňeşinden berlen ýazmaça beýannamada, Mişeliň, Aliýew we Paşinýan bilen geçirýän gepleşikleriniň çäginde14-nji maýda ýaňadandan duşuşjakdygy nygtaldy.
Beýannamada,
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarlez Mişeliň 1-nji iýunda hem Moldowada Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolz bilen duşuşjakdygy nygtaldy.
Aliýew bilen Paşinýan ilkinji gezek Mişeliň ýolbaşçylyk etmeginde 2021-nji ýylyň 14-nji apreline duşuşypdy.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň soňkusy bolsa 2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda geçirlipdi.