ABŞ, Meksika Serhedine Goşmaça 1500 Esger Ugradar

1500 esgerden ybarat goşmaça topar serhet galasynda 90 gün möhlet bilen iş alyp barar

1982134
ABŞ, Meksika Serhedine Goşmaça 1500 Esger Ugradar

ABŞ, bikanun göçüň öňüniň alynmagy maksady bilen Meksika serhedine goşmaça 1500 esger ornaşdyrar.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet, bikanun ýagdaýda ýurda giren immigrantlaryň ýurtdan çykarylmagy etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi hakyndaky kanunyň bes edilmeginiň öňüsyrasynda gözegçiligiň üpjün edilmegi üçin Meksika serhedine 1500 esger ugratdy.

11-nji maýda kanunyň bes edilmeginden soň ABŞ-nyň serhedine geljek immigrantlaryň sanynyň artdyp biljekdigi sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi ýatladyldy.

1500 esgerden ybarat goşmaça toparyň serhet galasynda 90 gün möhlet bilen iş alyp barjakdygy nygtaldy.

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, soňky günlerde ýurduň günorta serhedinden günde ortaça bikanun ýagdaýda 7 müň immigrantyň gelendigini, şol sanyň öňümizdäki hepdelerde artmagyna garaşylýandygyny nygtaýar.

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #esger , #Meksika , #ABŞ

Degişli Habarlar