Boko Harama Garşy Göreş Dowam Edýär

Boko Harama agza 35 terrorçy öldürildi

1978494
Boko Harama Garşy Göreş Dowam Edýär

 

Nigeriýanyň harby goşunynyň terror guramasy Boko Harama garşy alyp barýan göreşi dowam edýär.

Borno welaýatynda geçirlen operasiýada harby goşun bilen Boko Haramyň agzalarynyň arasynda çaknyşyk boldy.

Çaknyşykda Boko Harama agza 35 terrorçy öldürildi, köp sanly terrorçy hem ýaralandy.

Çaknyşykda 4 esgeriň hem ýaralanandygy, terrorçylar tarapyndan zamun alynan zenanlaryň operasiýada boşadylandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar