Nigeriýada bolan ulag heläkçiliginde 18 adam ýogaldy

Nigeriýanyň Enugu welaýatynda başdan geçirilen ulag heläkçiliginden soň bolan ýangynda 18 adam ýogaldy

1972177
Nigeriýada bolan ulag heläkçiliginde 18 adam ýogaldy

Enugu welaýatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Daniel Ndukwe beren beýanatynda, Aba-Abia gara ýolunda sement daşaýan ýük ulagynyň ýolagçy awtobusyny kakandygyny habar berdi. 

Daniel Ndukwe wakadan soň bolan ýangynda 18 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi. 

Bejergi astyna alynan adamlaryň käbirleriniň saglyk ýagdaýlarynyň agyrdygyny aýdan Daniel Ndukwe ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar