Russiýa-Ukraina Söweşinde 500-den Gowrak Çaga Ýogaldy

Rassel, söweşiň azyndan müň çaganyň hem ýaralanmagyna sebäp bolandygyny belledi.

1969622
Russiýa-Ukraina Söweşinde 500-den Gowrak Çaga Ýogaldy

BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi ÝUNİSEF-yň ýolbaşçysy Ketrin Rassel, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Ukrainaly çagalar we hossarlary üçin agyr günleri başdan geçirmäge dowam edýär. Söweşiň başlan güni bolan 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri azyndan 501 çaga öldürildi” diýdi.

Söweşde ýogalan çagalaryň gurama tarapyndan hassaba alynanlardan has ýokary bolup biljekdigini aýdan Rassel, söweşiň azyndan müň çaganyň hem ýaralanmagyna sebäp bolandygyny belledi.

Rassel, “Bu görkezijileriň arkasynda dargan maşgalalar bar. Çagalar we hossarlary asuda ýagdaýda ýaşamaly. Emma gynansakda bu gysga wagtda bolmaz” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar