“Ysraýyl Bilen Gatnaşyk Etmek Niýetimiz Ýok

Pakistan, Ysraýyl bilen gatnaşyk edýändikleri hakyndaky garaýyşlary kabul etmedi.

1968942
“Ysraýyl Bilen Gatnaşyk Etmek Niýetimiz Ýok

Pakistan, Ysraýyl bilen diplomatiýa ýada söwda taýdan gatnaşyk edýändikleri hakyndaky garaýyşlary kabul etmedi.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mümtaz Zehra Beluç, Geo Nýus teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Ysraýyl bilen diplomatiýa ýada söwda taýdan gatnaşyk edýändikleri hakyndaky garaýyşlar hakynda durup geçdi.

Mümtaz Zehra Beluç “Ysraýyl meselesinde alyp barýan syýasatymyz üýtgemedi” diýdi.

Söwda ministrliginden berlen beýannamada hem Pakistan bilen Ysraýylyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň başlandygy hakyndaky habarlaryň asylsyzdygy nygtalyp “Biziň Ysraýyl bilen söwda taýdan gatnaşygymyz ýok we başlamak niýetimiz hem ýok” diýildi.

Amerikan Ýewreý komiteti 30-njy martda beren beýannamasynda, Pakistan bilen Ysraýylyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň başlandygyny, Pakistandan azyk önümlerini alyp giden ilkinji gäminiň Ysraýyla gelendigini mälim edipdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar