Peskow: "Russiýadaky partlama terrorçylykly aksiýa" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutanynyň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde düýn bolan partlamanyň terrorçylykly aksiýadygyny habar berdi

1969164
Peskow: "Russiýadaky partlama terrorçylykly aksiýa" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutanynyň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Sankt-Peterburg şäherindäki kafeleriň birinde bolan partlama bilen baglanşykly beýannama berdi. 

Partlamada  “Wladlen Tatarskiý” lakamly rus bloger Maksim Fominiň ýogalandygyny aýdan Peskow, waka bilen baglanşykly başladylan derňew işiniň dowam edýändigini mälim etdi. 

Peskow: "Elbetde bu terrorçylykly aksiýa. Bu terrorçylykly aksiýany meýilleşdirmek tapgyryna Ukrainanyň razwedka gullugynyň gatnaşandygy barada maglumatlar bar. Fominiň janyna kast etmek we guralan terrorçylykly aksiýasynyň arkasynda Kiýewiň bardygyny pikir edýäris" diýip habar berdi. 

Paýtagt Moskwada 2022-nji ýylyň awgust aýynda guralan bombaly hüjümde Russiýanyň tanymal syýasatçysy Aleksandr Duginiň gyzy Dariýa Duginanyň ýogalandygyny aýdan Peskow, ady geçen wakanyň arkasynda Ukrainanyň bardygyny beýan etdi. 

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi partlamada ýaralanan adamlaryň sanynyň 32-ä ýetendigini aýan etdi. 

Derňew komitetinden berilen beýanatda derňew işiniň çäginde şübhe astyndaky Dariýa Trepowanyň göz tussaglygyna alynandygy habar berildi. 

Russiýanyň Içeri işler ministrligi Trepowanyň soraga çekilen pursadynda alynan wideony çap etdi. Trepowa içinde partlaýjy bolan heýkeli kafe getirendigini boýun aldy. 

Trepowanyň Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky aksiýalaryna garşy geçen ýyl geçirilen protest aksiýalara gatnaşandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar