Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Russiýada içalylyk etmek bilen aýyplanan amerikaly žurnalist bilen baglanşykly telefon arkaly söhbetdeş boldylar

1968836
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, ABŞ tarapynyň başlangyjy esasynda Lawrow we Blinkeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň bolandygy habar berildi. 

Entoni Blinkeniň telefon söhbetdeşliginde amerikaly žurnalist Ewan Gerşkowiçiň içalylyk etmek aýyplamasy bilen Russiýada tussag edilmegi wakasyny gün tertibe getirendigi bellenen beýanatda: "Rus resmileriniň Russiýa Federasiýasynyň kanunlarynyň we halkara jogapkärçilikleriiň çäginde kabul eden kararlaryna hormat goýmagynyň gerekdigine Blinkeniň ünsi çekildi. Waşingtondaky resmileriň basyşy we Günbatar mediasynyň bu meselä syýasy howa goşmak niýeti bilen ses çykarmagynyň kabul ederliksizdigi nygtaldy" diýip bellendi. 

Sergeý Lawrowyň esasan hem Gerşkowiçiň metbugat işgäri hökmünde döwlet syryny özünde jemleýän gizlin resminamalary almaga synanyşýan mahaly tussag edilendigini aýdandygy bellenen beýanatda, ady agzalan ABŞ-nyň raýatynyň ykbalynyň kazyýetde kesgitlenjekdigini aýdandygy nygtaldy.

Telefon söhbetdeşliginde şeýle hem gün tertibiniň käbir ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. 

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB), 30-njy martda merkezi ABŞ-da ýerleşýän The Wall Street Journal gazediniň amerikan raýaty Moskwadaky habarçysy Ewan Gerşkowiçiň Ýekaterinburg şäherinde içalylyk etmek şübhesi bilen göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.  

Ondan soň Moskwanyň Lefortowskiý kazyýeti, FSB-niň talabyna laýyklykda Ewan Gerşkowiçiň 29-njy maýa çenli tussaglykda saklanmagy barada karar kabul etdi. 



Degişli Habarlar