ÝB bikanun ýagdaýda Russiýa alynyp gidilen ukrainaly çagalar bilen bagly derňew geçirer

Ýewropa Bileleşigi bikanun ýagdaýda Russiýa alynyp gidilen ukrainaly çagalary tapmak üçin derňew geçirer

1967356
ÝB bikanun ýagdaýda Russiýa alynyp gidilen ukrainaly çagalar bilen bagly derňew geçirer

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Belgiýanyň paýtagty Buharest şäherinde geçirilen Ýewropa Parlamentiniň baş assambleýasynda çykyş etdi. 

23-24-nji mart aralygynda geçirilen ÝB Liderler sammitiniň jemleriniň üstünde durup geçen Ursula fon der Lýaýen, bilelikdäki satuw işleri we toplar üçin 1 million ok bermek meýilnamasyndan daşary, dowamly goldaw üçin önümçilik göwrüminiň artdyrylmagynyň zerurdygyny beýan etdi.  

"Ukrainany islendik şertde goldarys" diýip aýdan Ursula fon der Lýaýen, sammitde liderleriň Ukraina meselesi boýunça ele alan iň möhüm meseleleriň biriniň Russiýa tarapyndan alynan çagalardygyna ünsleri çekdi. 

Ursula fon der Lýaýen 16 müň 200 çaganyň Ukrainadan Russiýa alynyp gidilendigini belläp: "Maşgalalaryndan we çagalyk ýyllaryndan goparyldylar. Eger biz şol işiň içinde bolmasak, bu meselede işjeň bolmasak olar geljeklerini hem ýitirerler" diýip nygtady. 

Halkara Jenaýat Kazyýetiniň 18-nji martda Ukrainada edilen jenaýatlar bilen baglanşykly geçirilýän derňew işiniň çäginde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Russiýanyň Çaga hukuklary komissary Mariýa Alekseýewna Lwowa-Belowa bilen bagly ukrainaly çagalaryň Russiýa alynyp gidilmegi jenaýatlary boýunça tussag etmeklik barada karar çykarandygyny ýatladan Ursula fon der Lýaýen: "Şol karar bilen Putiniň dünýäsi ýene-de biraz kiçeldi. Halkara Jenaýat Kazyýeti bilen işleşýän ýurtlaryň islendik birine sapar gurasa tussag edilmek töwekgelçiligi bar" diýip belledi. 

Ursula fon der Lýaýen: "Ukrainadan çykarylan şol çagalaryň niredediklerini tapmaga synanyşmalydyrys we olary öýlerine getirmek üçin elimizden gelen ähli zady etmelidiris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar