ÝB Sanksiýalaryň Möhlediniň Uzadylmagy Barada Karar Kabul Etdi

Çäklendiriji çäreleriň möhledi 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli uzadyldy

1959263
ÝB Sanksiýalaryň Möhlediniň Uzadylmagy Barada Karar Kabul Etdi

 

ÝB, Ukrainanyň territorial bitewiligini, özygtyýarlygyny we garaşsyzlygyny nyşana alýan adamlara we guramalara garşy goýlan sanksiýalaryň möhlediniň 6 aý uzadylmagy barada karar kabul edildi.

ÝB Geňeşinden berlen beýannamada, çäklendiriji çäreleriň möhlediniň 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli uzadylandygy bellenildi.

Sanksiýalar, emlaklaryň saklanmagyny we syýahat gadagançylygyny öz içine alýar.

Sanksiýalar 1473 adamy we 205 guramany öz içine alýar.

Şol adamlaryň we guramalaryň esasy bölegi, Russiýanyň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy başladan hüjümden soň sanksiýa sanawyna alnypdy.

ÝB sanksiýalar bilen Russiýanyň ykdysadyýetine uly zeper ýetirmegi we söweş ukubyny azaltmagy maksat edinýär.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #sanksiýa , #ÝB

Degişli Habarlar