Türkiýäniň, Russiýanyň, Siriýanyň we Eýranyň Wekilleri Moskwada Duşuşar

Siriýa temaly maslahat Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirler.

1958851
Türkiýäniň, Russiýanyň, Siriýanyň we Eýranyň Wekilleri Moskwada Duşuşar

Türkiýäniň, Russiýanyň, Siriýanyň hökümetiniň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän Siriýa temaly maslahat mart aýynyň 15-16-sy aralygynda Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirler.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, maslahatda Türkiýä Daşary işler ministriniň orunbasary Burak Akçapar wekilçilik eder.

Maslahata Russiýanyň adyndan döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryndan jogapkär ýokary wekili Mihail Bogdanow, Eýranyň adyndan Daşary işler ministriniň syýasy işlerden jogapkär orunbasary Ali Asgar Hajy, Siriýanyň hökümetiniň adyndan bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Eýmen Susan gatnaşar


Etiketkalar: #maslahat , #Moskwa , #Eýran , #Siriýa

Degişli Habarlar