Saud Arabystany, Aýlag Ýurtlarynyň Raýatlaryna Syýahatçylyk Wizasyny Berer

Aýlag ýurtlarynda ýaşaýan her bir adama syýahatçylyk wizasy berlip bilner

1957744
Saud Arabystany, Aýlag Ýurtlarynyň Raýatlaryna Syýahatçylyk Wizasyny Berer

Saud Arabystany, Aýlag ýurtlarynda ýaşaýan her bir adama syýahatçylyk wizasyny berjekdigini habar berdi.

Saud Arabystanynyň Syýahatçylyk ministri Ahmed Al Hatib, Twitterden beren habarnamasynda, Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlara ýaşaýan her bir adama hünärine seretmezden Saud Arabystana syýahat etmekleri üçin syýahatçylyk wizasyny berjekdiklerini habar berdi.

Ministr Hatin, Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlariň birinde azyndan 3 aý ýaşamak rugsady bolanlaryň hem syýahatçylyk wizasy üçin ýüz tutup biljekdigini belledi.

Saud Arabystany geçen ýyl Aýag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň raýatlarynyň diňe belli bir topardakylaryň syýahatçylyk wizasyny alyp biljekdigini mälim edipdi

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar