Marianna Uilýamson ABŞ-da Geçiriljek Prezident Saýlawlaryna Dalaşgärdigini Mälim Etdi

Marianna Uilýamson 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärdigini resmi taýdan mälim etdi.

1954983
Marianna Uilýamson ABŞ-da Geçiriljek Prezident Saýlawlaryna Dalaşgärdigini Mälim Etdi

ABŞ-da meşhur ýazyjy Marianna Uilýamson 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärdigini resmi taýdan mälim etdi.

70 ýaşyndaky Uilýamson, paýtagt Waşingtonda eden çykyşynda, ABŞ-da 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna Demokrat partiýadan resmi taýdan dalaşgärdigini mälim etdi.

Häzirki wagtda ýurduň birnäçe kynçylygy başdan geçirýändigini aýdan Uilýamson, ykdysady şertler we saglygy goraýyş ulgamy meselesinde resmi Waşingtonyň alyp barýan syýasatyny tankyt etdi.

Uilýamson resmi saýtdan beren ýazmaça beýannamasynda hem täze başlangyçlar üçin prezidentlige dalaşgär bolandygyny ýatlatdy.

Uilýamson 2020-nji ýylda geçirlen prezident saýlawlarynda hem dalaşgär bolupdy.

Marianna Uilýamson, Demokrat partiýadan dalaşgärligini resmi taýdan beýan eden ilkinji adam boldy.

Demokrat Prezident Jo Baýden, saýlawlarda ýaňadandan dalaşgär bolmak isleýändigini aýdypdy emma heniz resmi taýdan hiç hili beýannama berilmedi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar