HAEG Türkiýä Lukmançylyk Enjam Kömegini Berdi

Halkara atom energiýasy gullugy 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri zerarly Türkiýä rentgen enjamlary bilen bilelikde dürli göçme lukmançylyk enjam kömegini berdi.

1953126
HAEG Türkiýä Lukmançylyk Enjam Kömegini Berdi

HAEG-dan berilen beýannamada weýrançylyklary getiren ýet tiremeleri sebäpli Türkiýe gyssagly kömekleriň birinji tapgyrynyň ugradylandygy habar berildi.

Beýannamada ýer titremelerden soň köp sanly ýurduň ýany bilen esasanda ABŞ-nyň we Ýaponiýanyň bu mesele boýunça Gulluga goldaw berendigi mälim edilýär.

Gyssagly kömeginiň ilkinji tapgyrynda portatiw we göçme rentgen enjamlarynyn bardygy, şol lukmançylyk enjamnlarynyň ýer titremede zeper ýeten enjamlaryn ýerine peýdalanyljakdygy beýan edilýär.

Zeper ýeten öýleriň anyklanmagy üçin peýdalanylýan enjamlaryn hem sebite ugradylmagynyň meýilleşdirilýändigine üns çekilýän beýannamada, HAEG-nyň Başlygy Rafael Mariano Grosiniň garaýyşlaryna hem orun berilýär.

Grossi Twitterden beren habarnamasynda Gullugyň gyssagly kömeginiň ilkinji tapgyrynyň Türkiýä barandygyny nygtap, kömekleri alyp giden Türk howaýollarynyň ýük uçarynyň fotosuratlaryny paýlaşdy.

 



Degişli Habarlar