“Asla Boýun Egmedik we Egmeris”

Zelenskiý, “Doly bir ýyldan bäri söweşýäris we söweşmäge dowam ederis” diýdi.

1951155
“Asla Boýun Egmedik we Egmeris”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň ýurduna garşy başladan söweşinde asla boýun egmändiklerini nygtap, “Doly bir ýyldan bäri söweşýäris we söweşmäge dowam ederis” diýdi.

Wladimir Zelenskiý, Russiýa-Ukraina söweşiniň 1-nji ýylynda halkyna wideo arkaly ýüzlendi.

Doly 1 ýyl ozal şu gün ýerli wagt bilen 07.00 töweregi halkyna ýüzlenendigini ýatladan Zelenskiý, Russiýanyň Ukraina garşy söweş başladandygyny we Ukrainanyň söweşe taýardygyny we Russiýany ýeňjekdigini aýdandygyny ýatlatdy.

Zelenskiý “2022-nji ýylyň 24-nji fewraly durmuşymyzyň iň uzyn güni. Taryhymyzyň iň agyr gün. İr ertir turduk we şol günden bäri ýatmaýarys” diýdi.

Boýun egmändiklerine, Ukrainanyň baýdagyny goramaga başlandyklaryna ünsi çeken Zelenskiý,  “Gorkmadyk we boýun egmedik. Ynanjymyz, ruhumyz güýçlendi. Söweşiň birinji gününden sag aman çykdy. Ertir bize nämeleriň garaşýandygyny bilmeýärdis emma her gün söweşmelidigimizi bilýäris” diýip belledi.

Ukrainanyň ýaragly güýçlerine sagbolsun aýdan Wladimir Zelenskiý, goşunyň gaýduwsyzly netijesinde ýurdunyň öz barlygyny dowam etdirýändigini nygtady.

Zelenkiý, bir ýylyň dowamynda Ukraina ähli taraplaýyn goldaw beren ýaranlaryna, hyzmatdaşlaryna we dostlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Russiýa tarapyndan wagtlaýyn basylyp alynan ukrainalylara hem ýüzlenen Zelenskiý, “Ukraina sizi ýalňyz goýmady. Sizi ýatdan çykarmady we asla sizden ýüz öwürmez. İru-giç ähli territoriamyzy basyp alyşlykdan halas ederis” diýdi.

Ukrainanyň lideri, daşary ýurtlara gitmeli bolan raýatlarynyň ýurtlaryna dolanmaklary üçin hem elinden geleni etjekdiklerini sözleriniň üstüne goşdy.

 



Degişli Habarlar